Turkmenportal logo
Düýn 11:00
86948694
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Malaýziýadaky güýçli ýangyn 1 müňe golaý öýi ýok etdi
Surat: khovar.tj

Malaýziýanyň Sabah ştatyndaky Borneo adasynyň kenarýaka obasyndaky tas ähli oýleri ýangyn ýakyp kül edenden soňra müňlerçe adam öz ojaklaryny terk etmäge mejbur boldular. Bu barada ýangyn söndüriş gullugyna salgylanýan «Reuters» habarlar gullugy habar berdi diýip, «Howar.tj» ýazýar.

Etrabyň ýangyn söndüriş-halas ediş gullugynyň başlygynyň habaryna görä, Sandakanda dörän ýangyny öçürmek üçin degişli hünärmenler ýollanypdyr, emma olar barýança, güýçli ýel we öýleriň ýanaşyk ýerleşmegi sebäpli binalaryň köp bölegini ot gurşapdyr.

9 müň ýaşaýjynyň ýangyndan ejir çekendigi, pida bolanlaryň ýokdugy habarda bellenýär.