Turkmenportal logo
Düýn 09:44
63836383
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir açyşlar, türkmen halkynyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri baradaky makalalaryň tapgyryndan ybaratdyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Däp bolan «Täze ylmy açyşlar» atly bölüm «Bedew — Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň nyşany» atly makala bilen açylýar. Awtor halkyň behişdi bedewlere bolan çäksiz söýgüsiniň diňe bir nusgawy edebiýatda däl, eýsem, dünýä derejesindäki alymlaryň ylmy gözleglerinde hem beýanyny tapýandygyny belleýär. Makalada professor W.I.Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy ekspedisiýanyň işiniň netijelerine we onuň dowamynda gadymy medeniýete degişli ýüze çykarylan taryhy tapyndylara üns çekilýär. 

«At bilen galar türkmen heňňamlaryň ýadynda» atly makalada bellenilişi ýaly, halk yrymlarynda we halk döredijiliginde pederleriň paýhasly pikirleri saklanyp galypdyr. 

Žurnalda «Gadymyýetiň gatyndan gelip ýeten «ýada» daşy» atly makala okyjylara hödürlenilýär. Awtor türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine salgylanmak bilen, Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly düýpli ylmy kitabynyň dünýä ähmiýetli gymmatlykdygyny nygtaýar. Bu esere türki halklaryň geçen taryhy ýoly, ruhy medeniýeti we ösüşi barada ýazgylary özünde jemleýän gaýtalanmajak gollanma hökmünde garalýar. Bu bolsa, öz gezeginde, medeni däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçirilişine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde «älem» konsepsiýasy» atly makala ýerleşdirilipdir. Onda şahyryň goşgularynyň asyl nusgalaryna esaslanyp, gözellik, ahlak we filosofiýa dünýägaraýşy seljerilýär. Makalanyň awtordaşlarynyň biri — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aspiranty Szýasin Suýuň belleýşi ýaly, häzirki zaman hytaý ylmy beýik türkmen şahyrynyň ömür ýoluny we döredijilik mirasyny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär.

«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnaly 2025-nji ýylyň dowamynda çap edilen makalalaryň sanawy bilen jemlenýär. Žurnalyň sahypalaryndaky muzeý we arhiw gymmatlyklaryna degişli köp sanly fotosuratlar makalalary goşmaça mazmun bilen baýlaşdyrýar. Türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilmegi žurnaly giň okyjylar köpçüligine elýeterli edýär.