Turkmenportal logo
Düýn 21:46
60536053
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly türgenler Rumyniýada geçirilen halkara ýaryşda erkin göreş boýunça birinji orny eýelediler

Türkmenistanly türgenler 16 — 19-njy aprel aralygynda Rumyniýa döwletiniň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin we grek-rim göreşi boýunça «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen türgenleri umumylykda 13 medal gazandylar. Şol sanda, erkin göreş boýunça 14 döwletiň arasynda medal hasaby boýunça birinji orny eýeläp, ýurduň sportda gazanan üstünliklerine goşant goşdular.

Netijede erkin we grek-rim göreşi boýunça 4 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medallaryny gazandylar.