Turkmenportal logo
Düýn 18:35
1180911809
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçiliklerine bagyşlanan çäre geçirildi

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda durnukly we netijeli ulag baglanyşygyny kemala getirmäge goşýan goşandyna bagyşlanan «Bridging Continents: Turkmenistan’s Evolving Transit and Logistics Potential» («Yklymlary birleşdirýäris: Türkmenistanyň ösýän üstaşyr we logistika mümkinçiligi») atly tematiki çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Çärä Brýusselde akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçileri, Ýewropa institutlarynyň, seljeriş we ylmy-barlag merkezleriniň, işewürler gurşawynyň, degişli kompaniýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň moderatory hökmünde «Diplomatic World» neşiriniň taslama direktory jenap Alberto Turkstra çykyş etdi.

Çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň tanyşdyrylyşy bilen açyldy. Onda Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçiliklerini ösdürmekde gazanan esasy üstünlikleri, şol sanda gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we serhet nokatlaryndaky amallary kämilleşdirmek baradaky maglumatlar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Kerim Berdiýew öz çykyşynda gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, amallary sanlylaşdyrmak, geçiş nokatlarynyň geçirijilik ukybyňy ýokarlandyrmak we ýükleri resmileşdirmegiň wagtyny gysgaltmak maksady bilen Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän amaly çäreler barada giňişleýin durup geçdi. Döwrebap standartlaryň we töwekgelçilikleri dolandyrmak gurallarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň üstaşyr geçişleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de halkara gatnawçylar üçin has amatly we aýdyň gurşawyň kemala gelmegine ýardam edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda häzirki zaman halkara şertlerinde ulag we logistikanyň diňe bir düzüm we söwda meselesi bolman, eýsem, tutuş halkara ykdysady ulgamynyň durnuklylygynyň hem-de ygtybarlylygynyň möhüm sütünidini aýtdy. Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ýaly möhüm ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň öz geografik ýerleşişine diňe bir artykmaçlyk hökmünde däl, eýsem, halkara ulag arhitekturasynyň ygtybarly we netijeli halkasy bolmak baradaky uly jogapkärçilik hökmünde garaýandygy nygtaldy.