Geçen ýylyň jemleri boýunça BRIKS halkara guramasyna agza döwletleriň ählumumy ykdysadyýetdäki paýy 39 göterimden geçip, rekordy täzeledi. Bu «Uly ýediligiň» ýurtlarynyňkydan 11 göterim ýokarydyr. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň maglumatlaryna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Netijede, BRIKS ýurtlarynyň dünýä Jemi içerki önümindäki paýy 39,2 göterime deň boldy, «G7»-ligiň paýy bolsa, ilkinji gezek 28,3 göterime çenli peseldi.
Guramanyň agzalarynyň arasynda dünýä ykdysadyýetine iň uly goşant goşan ýurtlar Hytaý (19,6%), Hindistan (8,2%) we Russiýadyr (3,4%). Indoneziýanyň we Braziliýanyň paýy degişlilikde, 2,4 göterim.
Öz gezeginde, «G7»-likde öňdeligi ABŞ (dünýä JIÖ-niň 14,6 göterimi) we Germaniýa (2,9 göterim) eýeleýärler. Ondan soňra degişlilikdäki 2,2 göterim görkeziji bilen Fransiýa we Beýik Britaniýa ýerleşýär.