Turkmenportal logo
Düýn 16:51
67336733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede kontentleri ýapýan çagalar SIM-kartlary girizilýär
Surat: minval.az

Golaýda çagalaryň we ýetginjekleriň gatnaşmagynda bolan ýaragly wakalar bilen baglylykda, türk häkimiýetleri ýörite SIM-kartlary ulanyşa goýbermek kararyna geldiler, olar islenilmeýän kontentleri ýapýan ulgam bilen üpjün edilendir.

Türkiýeli seljerijiler we bilermenler zorlugy ündeýän wideooýunlaryň çagalarda özlerini gaharjaň alyp barmak meýlini ýokarlandyrýandygyny belleýärler. Ene-atalar üçin elýeterli bolan ýörite SIM-kartlaryň girizilmeginden başga, 18 ýaşdan kiçiler üçin VPN-gulluklary ýapmak, internete elýeterliligi çäklendirmek göz öňünde tutulýar diýip, «vfokuse.mail.ru» internet resursy ýazýar.

Çagalaryň oýunlara elýeterliligine gözegçiligi berkitmek kararyna häkimiýetler mekdeplerde bolup geçen hüjümlerden soňra geldiler. 14-nji aprelde Türkiýäniň Siwerek şäherinde ýaragly mekdep okuwçysy birnäçe çagany zamun aldy, şonda 16 adam – mekdep okuwçylary we mugallymlar ejir çekdi, hüjüm eden janyna kast etdi.

Ertesi Gahramanmaraş şäherinde mekdepde sekizinji synp okuwçysy ok atdy, dokuz adam öldi, hüjüm eden okuwçy janyna kast etdi. Derňew işleri netijesinde, hüjüm eden okuwçynyň gan döküşikli wideooýunlary köp oýnandygy anyklandy. Ol internetde beýleki ýurtlardan bolan wideooýun oýnaýjylar bilen mekdebe hüjüm etmegi maslahatlaşypdyr diýip, ýerli «Yeni Şafak» gazeti gürrüň berýär. Ýetginjegiň internetde tanyşan Argentinadan bolan gyz ony jenaýat etmekden ýüz döndürmäge çagyrandygyny gürrüň beripdir.