Turkmenportal logo
Şu gün 13:43
38263826
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Täjigistan lukmançylyk bilimi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Täjigistanyň Abu Ali ibn Sino adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Muhiddin Nuriddin Döwletaly bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Duşenbedäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň üns bermeginiň we tagallalarynyň netijesinde bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi nygtaldy. Aýratyn üns bilim ulgamy, akademiki alyş-çalyşlar hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine gönükdirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Täjigistanyň degişli lukmançylyk uniwersitetleriniň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklaryň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen biologiýa boýunça IV Halkara internet-olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu olimpiada 2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda geçirildi.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça täjik uniwersitetiniň 35 talyby baýrakly orunlary eýeledi. Şolaryň 12-si medallar, 23-si bolsa şahadatnamalar bilen sylaglandy.

Şeýle hem uniwersitetiň rektoryna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik dilinde neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby gowşuryldy.