Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annaýew ýurduň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
TDH-niň habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan bu ugurda, hususan-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen zerur işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň satyn alyp berýän täze, döwrebap awtobuslary we beýleki awtoulag serişdeleri Aşgabatda we ýurduň ähli künjeklerinde ilata netijeli hyzmat edýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ilata amala aşyrylýan ulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu ugurda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň hem ýokarlanýandygyny belledi hem-de ýolagçy gatnawyny kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.