Turkmenportal logo
Düýn 09:34
86908690
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar

Türkmenistanda her ýyl tomusky dynç alyş döwründe çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, şol sanda Gökdere jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle-de welaýatlarda çagalaryň oňat dynç almagy we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

18-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B. Mämmedow çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi we degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygyny berkidip, gowy dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.