Turkmenportal logo
18.04.26
2250222502
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Turkish Airlines» Aşgabat – Stambul gatnawlarynyň ýygylygyny hepdede 20-ä çenli artdyrýar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Aşgabat – Stambul – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň ýygylygynyň artdyrylýandygyny yglan etdi. 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinden başlap, gatnawlaryň jemi sany hepdede 20-ä ýeter, bu bolsa Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ulag mümkinçiliklerini giňelder.

Täzelenen tertibe laýyklykda, Stambuldan Aşgabada her gün iki gatnaw amala aşyrylar: uçuş wagtlary sagat 1:10-da (gonuş sagat 6:50-de) we sagat 20:15-de (gonuş ertesi gün sagat 1:55-de). Sişenbe, anna we ýekşenbe günleri sagat 14:15-de uçýan we sagat 19:50-de gonýan, duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri bolsa sagat 16:30-da uçýan we sagat 22:10-da gonýan goşmaça gatnawlar elýeterli bolar.

Beýleki tarapa, Aşgabatdan Stambula her gün iki uçuş amala aşyrylýar: uçuş wagtlary sagat 3:15-de (gonuş sagat 5:30-da) we 8:10-da (gonuş sagat 10:25-de). Mundan başga-da, sişenbe, anna we ýekşenbe günleri uçar sagat 21:10-da uçýar we 23:25-de gonýar, duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri bolsa sagat 23:30-da uçýar we ertesi gün sagat 1:45-de gonýar.

Uçuş tertibiniň giňeldilmegi bu ugra bolan islegleriň uludygyny görkezýär we «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň sebitdäki ornuny berkidýär. Uçuş ýygylygynyň artdyrylmagynyň syýahatlary meýilnamalaşdyrmakda amatlylygy ýokarlandyrmagyna hem-de iki ýurduň arasyndaky işewürlik we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň ösüşine ýardam bermegine garaşylýar.