Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisinde Lebap welaýatyndaky Garlyk käninde bilelikdäki işleri alyp barmak boýunça teklipler hödürlendi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda täze taslamalaryň üstünde işlemek we bar bolan ulgamlary döwrebaplaşdyrmak baradaky teklipler orta atyldy. Garlyk känindäki hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berlip, bu ýer üçin degişli taslamalar teklip edildi.
Häzirki wagtda käniň binýadynda mineral dökünleri öndürmäge niýetlenilen Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmekde mynasyp orun eýelär.