Turkmenportal logo
Şu gün 11:46
67356735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minnihanow KazanForum-2026 forumynda Türkmenistanyň wekilleri bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi

Kazan şäherinde «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanForum-2026» atly halkara ykdysady forumyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Tatarystanyň ýolbaşçysy Rustam Minnihanow taýýarlygyň netijeleri barada Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnulliniň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk komitetiniň mejlisinde hasabat berdi — diýip, tatar-inform neşiri habar berýär.

Minnihanowyň sözlerine görä, forumyň çäklerinde Indoneziýa, Nigeriýa we Mali bilen üç hökümetara toparyň mejlisleriniň geçirilmegi tassyklanyldy. Mundan başga-da, Tatarystan Türkmenistan, Gyrgyzystan we Palestina bilen hökümetara toparlaryň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşyklaryny, şeýle hem Malaýziýa bilen iş toparynyň mejlisini kabul etmäge taýýardyr.

Şeýle-de ol forumyň esasy temalarynyň yslam maliýesi, maýa goýumlary, halal senagaty, medeniýet, sport we häzirki jemgyýetde zenanlaryň orny boljakdygyny belledi. Bu ýylky çäre aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi Kazan yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şonuň bilen baglylykda, maksatnama Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň agza ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň gurultaýyny hem öz içine alýar. Onuň sözlerine görä, Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň ýurtlary Tatarystanyň daşary söwda dolanyşygynyň takmynan ýarysyny emele getirýär.

Russiýanyň Prezidentiniň geňeşçisi Anton Kobýakow 10–20-nji maý aralygynda Moskwa we Kazan şäherleriniň howa menzillerinde daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin gije-gündiz işleýän konsullyk nokatlarynyň açyljakdygyny habar berdi.

Forum 12–17-nji maý aralygynda Kazanyň dürli meýdançalarynda geçiriler. 120-den gowrak çäreleri öz içine alýan esasy işewürlik maksatnamasy 14–15-nji maýda Kazan Expo halkara sergi merkezinde geçiriler. Foruma 60-dan gowrak ýurtdan we Russiýanyň 20-ä golaý sebitinden wekiller gatnaşar.

Guramaçylaryň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan forumyň çäklerinde geçiriljek sergi maksatnamasynda öz milli pawilýonyny görkezer. Onda maýa goýum taslamalary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylar.