Turkmenportal logo
Düýn 22:29
85208520
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi
Surat: Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi we duşuşyk döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzüne geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

«Watan» habar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hökümetara komitetiň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda komitetiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar döwletara dialogyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar. Gatnaşyjylar soňra plenar mejlisi açyp, deňhukuklylyk hem-de milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan özara gatnaşyklaryň nusgalyk derejededigini bellediler. Geçen ýyllaryň dowamynda hökümetara komitetiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigi bellenildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna gol çekildi. Olar aşakdakylardan ybarat:

  • Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasy;

  • Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş Ylalaşyk;

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026 – 2030-njy ýyllar üçin) hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni merkezleri özara döretmek hakynda Ylalaşyk;

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda 2026 – 2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama;

  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk;

  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.