Turkmenportal logo
Şu gün 10:51
50525052
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýeden we BAE-den gelen telekeçiler Türkmenistanyň biržasynda dokma önümlerini satyn aldylar

Çarşenbe güni, 15-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda daşary ýurtly telekeçileri — Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen wekiller ýerli öndürijilerden dokma önümlerini satyn aldylar. Geleşikler daşary söwda amallarynyň çäklerinde baglaşyldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmenýüpek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen çig ýüpegi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 675 000,00 manada we 104 642,83 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.