Türkmenistanyň Hökümeti ÝUNISEF-iň tehniki goldaw bermeginde Çagalary goramak we çagalaryň bähbidine adyl kazyýetliligi amala aşyrmak boýunça Milli maksatnamany işläp taýýarlamaga girişdi.
Bu herekete 15-nji aprelde Aşgabatda geçirilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi bilen badalga berildi. Iş topary Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan resmi taýdan döredildi. ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, Baş prokuratura utgaşdyryjy edara hökmünde kesgitlenildi, toparyň düzümine bolsa 10 sany döwlet edarasynyň wekilleri girdi.
Çagalary goramak we olaryň bähbitlerine gönükdirilen adyl kazyýetliligi üpjün etmekde utgaşdyrylan çemeleşmäni işläp düzmek üçin dürli pudaklaryň tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen, şeýle başlangyç Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, çaganyň hukuklary baradaky milli kanunçylygy we «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» öz içine alýan berk milli hukuk binýadyna esaslanýar.
Şol bir wagtyň özünde, Maksatnama BMG-niň Çaganyň hukuklary baradaky komitetiniň halkara maslahatlary (2024-nji ýyl) we Ähliumumy döwürleýin syn (2023-nji ýyl), şeýle hem BMG-niň durnukly ösüş babatda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasy we ÝUNISEF-iň Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasy nazara alnyp işlenip düzülýär.
«ÝUNISEF Hökümetiň bu taryhy maksatnamany işläp taýýarlamak baradaky kararyny gutlaýar. Ol Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryna ygrarlydygyny görkezýär hem-de her bir çaganyň we her bir maşgalanyň bähbidi üçin has utgaşdyrylan, maşgala gönükdirilen çagalary goramak ulgamyny döretmäge ýardam eder» diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna belledi.