Turkmenportal logo
Şu gün 14:51
57805780
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekinde robotlaryň we adamlaryň gatnaşmagynda ylgaw ýaryşy geçer
Surat: bfm.ru

Pekinde 19-njy aprelde ýarym marafon ýaryşy geçer, onda adam sypatly robotlar adamlar bilen ylgawda bäsleşerler. Ylgaw «Beijing E-Town» tenhologik klasterinde geçer diýip, SCMP neşirine salgylanýan «Kazinform» habar berdi.

Içžuandaky guramaçylar munuň adam sypatly robotlaryň gatnaşmagyndaky ikinji ýaryşdygyny habar berdiler, geçen ýyldaky ýaly, adamlar we maşynlar bir ýolda ylgarlar. Ýaryşa 100 sany tehnologik kompaniýalardan hem-de uniwersitetlerden wekilçilik edýän 300-den gowrak robotlar gatnaşar.

Guramaçylar bu ýaryşyň sport bilen tehnologiýany birleşdirýändigini we robot tehnikasynyň ösüşini, şeýle hem robotlaryň jemgyýetçilik durmuşyna ornaşýandygyny görkezýändigini belleýärler.