Turkmenportal logo
15.04.26
1289112891
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň wekiliýeti Wenada ICMPD-niň baş direktory bilen duşuşdy

14-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Wena şäherinde ýerleşýän Halkara Migrasiýa Syýasatyny Ösdüriş merkeziniň (ICMPD) baş müdiri Sýuzan Raab bilen iş duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar migrasiýa we serhet howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Duşuşygyň dowamynda serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak, migrasiýa ulgamlaryny sanlaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň (BOMCA) durmuşa geçirilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň Praga prosesi we Budapeşt prosesi ýaly gepleşik platformalaryna gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Taraplar bilelikdäki okuw maslahatlaryny guramak, maglumat alyşmak we synag başlangyçlaryny amala aşyrmak arkaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmekde ICMPD-niň öňdebaryjy taslamalarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar.