Awstraliýanyň harby goşunyna taryhda ilkinji gezek general-leýtenant Sýuzan Koýl atly zenan ýolbaşçy bellendi. Ol häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň birleşen ştabynyň başlygy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Koýl iýulda ýurduň gury ýer goşunlaryň Baş serkerdaşysy general-leýtenant Saýmon Stýuardy wezipesinde çalşar.
Ýurduň goranmak ministri Riçard Marles zenanyň harby wezipä bellenmegini «çuňňur taryhy pursat» diýlip atlandyrdy.
Sýuzan Koýl häzir 55 ýaşynda, ol harby gulluga 1987-nji ýylda başlady. Öň hem birnäçe ýolbaşçy wezipeleri eýeledi.
Awstraliýanyň harby goşuny düýpli özgerişlikleri başdan geçirýär diýip, bilermenler belleýärler. Mysal üçin, zenanlar Awstraliýanyň goranyş güýçleriniň 21 göterimini tutýar. Ýurduň Hökümeti bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli 25 göterime ýetirmegi meýilleşdirýär diýip, «Reuters» agentligi habar berýär.