25-nji aprelde Aşgabat şäherinde «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi guraýar. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bäsleşik dört ugur boýunça geçiriler. «Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary» ugrunda 7–12-nji synp okuwçylary öz innowasion taslamalaryny, şol sanda iki adama çenli topar bolup hem hödürlärler. «Robototehnika» ugry boýunça 7–12-nji synp okuwçylary aýratynlykda gatnaşarlar: gatnaşyjy robotlar 2,5 minutyň dowamynda şarlary ýygnap, dürli beýiklikdäki gaplara ýerleşdirmeli bolarlar. Bu ugurda iň gowy bäş gatnaşyjy 2026-njy ýylda geçiriljek First Global Challenge dünýä robototehnika çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. «Erjeller kodlaýar» atly bäsleşige 8-nji synpdan başlap okuwçylar Scratch programmirleme dilinde oýun, animasiýa ýa-da amaly programma görnüşindäki taslamalary bilen gatnaşarlar. BattleBots — robotlaryň söweşleri ugry bolsa islendik ýaşdaky gatnaşyjylar üçin açykdyr.
Deslapky hasaba alyş hökmany bolup, 2026-njy ýylyň 15-nji apreline çenli dowam eder. Her ugur boýunça ýeňijiler guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary bilen sylaglanarlar.
Çäre «Ojаr Aziýa» hususy kärhanasynyň binasynda, G. Kulyýew köçesi, j. 38 salgysynda geçiriler. Gatnaşmak boýunça goşmaça maglumatlary almak üçin +993 61 86 27 66 telefon belgisine jaň edip, ýüz tutup bolýar.