Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri şu ýylyň 9-10-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» Maksatnamasynyň çäginde geçirilen sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialoga gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Parlamentara dialogyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylar ýokary guramaçylykly geçirilýän bu halkara çäräniň dünýäniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda açyk meýdança bolup durýandygyny bellediler, häzirki döwrüň wajyp meseleleri, hususan-da, umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşe gönükdirilen birnäçe strategik ugurlar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Türkmenistanyň «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak bilen, sirkulýar ykdysadyýete geçmekde gazanan öňdebaryjy tejribesi, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, ýurtda durmuşa geçirilen we yzygiderli dowam etdirilýän netijeli işler, şonuň ýaly-da sirkulýar ykdysadyýete geçmek bilen ekologiýa abadançylygyny berkitmekde öňde durýan wezipeleri amal etmek boýunça giň möçberli maksatnamalar dogrusynda çykyş etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurtda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, galyndylary we zyňyndylary azaltmak, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, höweslendirmek, ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda maýa goýumlary çekmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny belledi.
Üçünji sebitleýin parlamentara dialogyň 1-nji sessiýasy «Merkezi Aziýada sirkulýar ykdysadyýet boýunça milli öňegidişlikler» atly tema bilen geçirilip, onda çykyş edenler öz ýurtlarynda sirkulýar ykdysadyýete geçmekde gazanylan öňdebaryjy tejribeler we geljekde «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda öňde goýlan strategik maksatnamalar barada giňişleýin maglumat berdiler.