Turkmenportal logo
11.04.26
3368033680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» bäsleşiginde I derejeli diploma mynasyp boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukuk we halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Şanazar Allamyradow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna goşuldy. Ol bäsleşige onlaýn görnüşinde gatnaşyp, I derejeli diploma, döşe dakylýan nyşana hem-de kuboga mynasyp boldy.

Bäsleşik «Bilim Orkeniýeti» milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de «Žaña Kazakstan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy. Eminler topary türkmen talybynyň ylym, sungat we döredijilik ugurlaryna goşan goşandyna ýokary baha berdiler.

Bellenilişine görä, bu sylag türkmen talyplary üçin ilkinji däldir: ýurduň ýaş wekilleri bu meýdançada ozal hem ýokary netijeleri görkezipdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, Muhammetnur Rejepow 21-nji martda geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly bäsleşikde ýeňiş gazanypdy. Onuň sözlerine görä, üstünlik gazanmagynda 6-njy dekabrda geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň halkara modeli atly halkara maslahata gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe bolupdy. Şol çäräniň netijesinde mynasyp bolan gatnaşyjylyk şahadatnamasy oňa hormatly adyň berilmegine esas bolupdy.

Türkmen talyby «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» bäsleşiginde I derejeli diploma mynasyp boldy | Turkmenportal.com