Turkmenportal logo
Düýn 23:45
74937493
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisine taýýarlyk görülýär

Häzirki wagtda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisine taýýarlyk görülýär. Türkmenabat şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda wise-premýer R.Meredowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu komitetiň düzümine girýän 6 sany kiçi komitetiň mejlisleri hem özara ylalaşyk esasynda yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň ikinji ýarymynda energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiň 10-njy mejlisini we ylmy tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiň üçünji mejlisini geçirmek, mejlisleriň dowamynda degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklary gazanmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen bu ugurda taýýarlanylan Karara gol çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.