Turkmenportal logo
Şu gün 13:51
1372013720
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň üçünji tapgyry açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyry açyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Ulanmaga berlen Mary – Türkmenabat bölegi bilen umumy uzynlygy 600 kilometr bolan tutuş ýoluň gurluşygy tamamlanyldy. Bu awtomobil ýoly paýtagt bilen ýurduň gündogar sebitleriniň arasyndaky ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ýoluň gatnaw böleginiň ini 34,5 metr bolup, her tarapda üç sany hereket zolagy bar. Ýoluň ugrunda degişli düzümleýin desgalar: kafeler, ulaglara ýangyç guýuş bekletleri, duralgalar we tehniki hyzmat ediş nokatlary ýerleşýär. Haýwanlaryň ýola çykmagynyň öňüni almak üçin gorag torlary gurnaldy, olaryň howpsuz geçmegi üçin bolsa ýörite ýerasty geçelgeler guruldy.

Awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegi milli ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we Türkmenistanyň üstaşyr kuwwatyny berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabat – Türkmenabat ýoly Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugrunyň häzirki zaman görnüşde gaýtadan dikeldilýändigine şaýatlyk edýär.