Turkmenportal logo
Şu gün 16:10
63776377
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Bileleşigi 10-njy aprelden üçünji ýurtlaryň raýatlary üçin biometrik serhet gözegçiligini girizýär.

2026-njy ýylyň 10-njy aprelinden başlap Ýewropa Bileleşiginiň daşarky serhetlerinde elektron serhet gözegçiligi ulgamy — EES (Entry/Exit System) doly güýjünde işe giriziler. Bu ulgam ÝB-niň düzümine girmeýän ýurtlaryň raýatlary üçin biometrik maglumatlary hökmany tabşyrmagy göz öňünde tutýar — diýip, Euronews habar berýär.

Ulgam ýüz keşbiniň surata alynmagyny we barmak yzlarynyň ýazga geçirilmegini öz içine alýar. 12 ýaşdan kiçi çagalar daktiloskopiýa tabşyrmakdan boşadylýar. Şeýle hem pasportdaky adaty möhürler ýatyrylýar — olaryň ýerine maglumatlar elektron maglumat bazasynda saklanylar. Biometrik maglumatlar üç ýyl möhlet bilen saklanyp, soňra gaýtadan tabşyrmaly bolar. Şol möhletiň dowamynda gaýtadan syýahat edilende diňe ýüz suraty arkaly barlag geçirmek ýeterlik bolar.

Ulgamyň synag görnüşindäki ulanylyşy 2025-nji ýylyň oktýabrynda birnäçe howa menzillerinde başlady. Synag döwründe 24 müňden gowrak daşary ýurt raýatyna giriş rugsady berilmedi — munuň sebäpleri hökmünde resminamalaryň güýjüni ýitirmegi ýa-da galplaşdyrylmagy, şeýle hem saparyň maksadyny tassyklaýan maglumatlaryň ýetmezçiligi görkezilýär.

Hünärmenler serhet gözegçiliginde garaşylýan wagtyň artjakdygyny belleýärler. Halkara howa menzilleri geňeşiniň (ACI) maglumatlaryna görä, EES ulgamynyň ornaşdyrylmagy serhetden geçmegiň ortaça wagtyny 70 göterime çenli uzaldypdyr, käbir howa menzillerinde nobatlar üç sagada çenli ýetipdir. Ýaz möwsüminde ýüze çykýan ýokary agram düşmäni ýeňilleşdirmek üçin ÝB-i agza döwletlerine ulgamy işe girizilenden soň ilkinji 90 günüň dowamynda onuň işini bölekleýin togtatmaga rugsat berdi.

Biometrik daşary ýurt pasportynyň bolmagy Ýewropa Bileleşigine girmek üçin hökmany şert däl, emma Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Germaniýa, Çehiýa we Fransiýa ýaly birnäçe döwlet eýýäm biometrik däl bäş ýyllyk pasportlary kabul etmegi bes etdiler. 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap olara Finlýandiýa hem goşular.