Turkmenportal logo
Şu gün 08:40
45834583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 10-njy aprelde iňlis dili boýunça halkara olimpiada badalga berler

10-njy aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça V Halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy bolar.

Olimpiada gatnaşmak üçin 32 döwletden we 48 sany iň gowy ýokary okuw mekdebinden ýüzlerçe talyp hasaba alyndy.

Bäsleşik bellenilen tertibe we düzgünnama laýyklykda iki gün dowam eder.

Açylyş dabarasy institutynyň baş maslahatlar zalynda ýerli gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriler, daşary ýurtly talyplar bolsa çärä onlaýn görnüşinde goşularlar.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar iňlis diliniň teoriýasy we ony iş ýüzünde ulanmak boýunça özara bäsleşip, öz intellektual ukyplaryny hem-de dil baýlyklaryny görkezerler.

Bu halkara bäsleşigi diňe bir ýaşlaryň dil biliş derejesini ýokarlandyrman, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylmy-pedagogik gatnaşyklaryň täze köprülerini açar, tejribe alyşmaga we ýaşlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine ýardam eder.