Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary jenap To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.