Turkmenportal logo
Şu gün 10:14
55315531
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» toparynyň janköýerler kluby Ankarada geçirilen futbol ýaryşyna gatnaşdy

Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan guralan futbol ýaryşy geçirildi. Çäre 2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde bolup, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» diýen ýylyň şygaryna, şeýle hem Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy.

Bäsleşige «Arkadag» toparynyň janköýerler klubynyň agzalary hem-de Türkiýede bilim alýan türkmen talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýaryş iki ýurduň arasynda medeni we sport gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam etdi.

Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar ýokary derejeli sport ussatlygyny we toparlaýyn ruhy görkezdiler. Ýaryş täsirli final bilen tamamlandy. Çäräniň jemleri boýunça gatnaşyjylara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.