«Belet» striming platformasy 2025/26 ýylyň möwsüminiň UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryndaky ähli oýunlary tomaşaçylara hödürleýär.
Ilkinji duşuşyklar 7–8-nji aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 14–15-nji aprelde geçiriler. Çärýek finalda «Sporting», «Arsenal», PSŽ, «Real» Madrid, «Barselona», «Bawariýa», «Liwerpul» we «Atletiko» toparlary duşuşar.
Ilkinji oýunlar:
7-nji aprelde, 00:00 — «Sporting» — «Arsenal» we «Real» — «Bawariýa»
8-nji aprelde, 00:00 — «Barselona» — «Atletiko» we PSŽ — «Liwerpul»
Jogap oýunlary:
14-nji aprelde, 00:00 — «Atletiko» — «Barselona» we «Liwerpul» — PSŽ
15-nji aprelde, 00:00 — «Arsenal» — «Sporting» we «Bawariýa» — «Real»
Ýewropanyň ýazky wagta geçendigi sebäpli Çempionlar ligasynyň oýunlary indi Aşgabat wagty bilen amatly wagtda – sagat 00:00-da başlanýar. Bu bolsa öňki 01:00 bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda futbol muşdaklary üçin bu has amatly wagtdyr.
Ýaryşyň finaly 30-njy maýda Budapeşt şäherindäki «Puškaş Arena» stadionynda geçiriler.
Belet platformasynda oýunlaryň göni ýaýlymlary diňe «Premium» abunalary üçin elýeterlidir.