Turkmenportal logo
Şu gün 15:13
42514251
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Garri Potter» serialynyň döredijileri aktýorlaryň 40 müňden gowrak saýlawyny geçirdiler

HBO tarapyndan taýýarlanylýan «Garri Potter» serialynyň kasting-direktorlary Garriniň, Ronyň we Germionanyň keşpleri üçin aktýorlaryň 40 müňden gowrak saýlawyny geçirdiler. Bu barada döredijiler «Garriniň gözleginde: Jady sahnasynyň aňyrsyndaky ussatlyk» atly ýörite bölümde gürrüň berdiler. Bölüm «Garri Potter we filosofik daş» filminiň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Kasting-direktorlar Emili Brokmann we Lýusi Bewan bellemegine görä, ilki bilen bütin Beýik Britaniýadan çagalar wideo synaglaryny onlaýn iberdiler, soňra bolsa Beýik Britaniýanyň we Irlandiýanyň iri şäherlerinde ýüzbe-ýüz saýlawlar geçirildi. Ronyň keşbini ýerine ýetirjek Alaster Staut Mançesterde synagdan geçdi — kasting-direktorlaryň sözlerine görä, ol ilkinji minutdan «ýakymly we gülkünç» bolup göründi. Germiona Grangeriň keşbine tassyklanan Arabella Stenton Londondaky saýlawda goşgy okap, soňra komiki sahnany ýerine ýetirip, diňe bir çynlakaý däl-de, eýsem gülküli keşpde bolmaga-da ukyplydygyny görkezdi. Garri Potteriň keşbine saýlanan Dominik Maklaflin bolsa Glazgo şäherinde kastingden geçdi: ol dynç alyş hakda öz goşgusyny okap, «arassa ynam» bilen özüne üns çekdirmegi başardy.

Lýusi Bewanyň bellemegine görä, baş keşbi ýerine ýetiriji saýlanyp alnanda topar belli häsiýetlere: «ulularyň dünýäsine ynamsyzlyk», «ejizlik, tukatlyk we ýalňyzlyk duýgusy» ýaly häsiýetlere üns berdi. Emili Brokmann bolsa bu wezipäniň aýratyn kyn bolandygyny, sebäbi Garri Potteriň keşbiniň dünýäniň ähli tomaşaçylary üçin örän möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Serialyň ilkinji möwsüminiň premýerasy HBO Max striminginde we HBO teleýaýlymynda 2026-njy ýylyň 25-nji dekabrynda bolar. Ilkinji möwsüm sekiz bölümden ybarat bolar. «Garri Potter we filosofik daş» romanynyň esasynda surata düşürilýän ilkinji möwsümiň surata düşürişleri 2025-nji ýylyň iýul aýynda Beýik Britaniýanyň Liwsden şäherindäki kinostudiýada başlandy — şol ýerde ozalky Garri Potter filmleri hem surata düşürilipdi. Serial britan ýazyjysy Joan Roulingiň şol bir at bilen tanalýan romanynyň esasynda döredilýär. Bu eser 11 ýaşynda jadygöýligiň gelip çykyşyny bilýän we Hogwartsyň jadygöýlik mekdebinde okaýan oglan — Garri Potter hakda gürrüň berýär. Ol dostlary Ron Wizli we Germiona Granger bilen bilelikde gara jadygöý Lord Voldemorta garşy durýar. Täze taslama ozalky kino-rowaýatdan tapawutlylykda, ähli kitaplary doly ekranda görkezmegi maksat edinýär: şunda her kitaba bir möwsüm bagyşlanar.