Turkmenportal logo
Şu gün 12:08
46424642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
1 — 3-nji aprelde Sankt-Peterburg şäherindäki «Expoforum» kongres-sergi merkezinde Halkara ulag-logistika forumy geçirilýär.

1 — 3-nji aprelde Sankt-Peterburg şäherindäki «Expoforum» kongres-sergi merkezinde Halkara ulag-logistika forumy geçirilýär. Foruma Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary S.Nurberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny, ýük we ýolagçy logistikasyny, syýahatçylygy, sanly hyzmatlary, innowasion çözgütleri ösdürmäge, ulag pudagyny kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirmäge, şeýle hem ählumumy ulag senagatynyň işine hem-de geljegi uly bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy ýurduň ulag ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak we tagallalary utgaşdyrmak boýunça netijeli işiniň dowamy bolup durýar.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda ulag arabaglanyşygy we logistika özara arabaglanyşygy meseleleri boýunça ulgamlaýyn halkara dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär.

Ýurduň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirdi. Munuň özi ulag babatynda ulgamlaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny goýdy.