31‑nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N. Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti resmi saparyň çäklerinde Gruziýanyň Poti portuna bardy. Gepleşiklere Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary T. Ioseliani, «Gruziýanyň demir ýollary» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Gruziýanyň deňiz ulaglaryny dolandyryş edarasynyň wekilleri we beýleki resmi adamlar gatnaşdylar.
Taraplar ulag we logistika ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtadylar. Duşuşykda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag‑üstaşyr geçelgeleriniň, «Lapis Lazuli» ýolunyň hem-de «Ýaşyl portlar» taslamasynyň ösdürilmegine bilelikdäki gyzyklanmanyň bardygy beýan edildi.
Gepleşiklere gatnaşyjylar ýük dolanyşygynyň artdyrylmagy, multimodal logistika çözgütleriniň giňeldilmegi we üstaşyr ýükleriň işlenişini çaltlandyrmak üçin tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aýrylykda Türkmenbaşy we Poti portlarynyň «Gündogar — Günbatar» halkara ugurlaryna goşulyşmagy, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy we port terminallarynyň dolandyrylyşynda tejribe alyşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar sebitara ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjek durnukly logistika zynjyryny döretmek niýetini tassykladylar. Saparyň ahyrynda türkmen wekiliýeti Poti we Anakliýa portlarynyň infrastrukturalary bilen tanyşdy.