
07.02.2024
34128

23.12.2023
37840

24.11.2023
36175

13.11.2023
38063
"Hasar" hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň konditer önümçiligi boýunça iň iri kärhanasydyr. "Hasar" konditer önümleriniň ilkinji önümçiligi 2000-nji ýylyň aprel aýynda gurnaldy. Häzirki wagt "Hasar" HJ-niň konditer fabriginde 350-den gowrak adam zähmet çekýär.
"Hasar" assortimentinde şokoladly süýjüler, örtükli süýjüler, karamel, köke, iris, wafli we marmelad ýaly dürli konditer önümleriniň 100 golaý görnüşi bar.
"Hasar" kärhanasynda ISO 9001:2015, ISO 22000:2018 ýörelgelerine esaslanýan azyk howpsuzlygy we hil dolandyryş ulgamlary gurnaldy we tassyklandy, şeýle hem halal azyk önümlerine umumy talaplary kesgitleýän GSO 2055-1:2015 we UAE. S 2055-1:2015 halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän ulgam ornaşdyryldy.
"Hasar" içerki bazarda önümleriniň iň ýokary elýeterliligi syýasatyny durmuşa geçirýär, "Hasar" önümleriniň satuw geografiýasy tutuş Türkmenistany öz içine alýar. "Hasar" önümleri içerki bazarda-da, Türkmenistanyň serhedinden has uzakda-da giňden tanalýar.
"Hasar" HJ-i adyny Türkmenistanda ýerleşýän Kopetdagyň iň belen dag gerşiniň hormatyna almak bilen özüniň iň ýokary üstünliklere tarap ymtylýandygyny nygtaýar.