Soňky habarlar

Arhiw

Güneşli miwe – hurma kime peýdaly, kime zyýanly

0
21515

Sowuk günlerde tomus we yssy gün baradaky pikirleri oýandyryp,  «Güneşli miwe» adyny alan,  açyk mämişi reňkli hurma giçki güýz we gyş paslynyň iň arzyly önümidir. Bu miwäniň hemmeler tarapyndan aşa gowy görülmegi ýöne ýerden däldir. Çünki, bu miwäniň tagamy örän süýji hem-de  ynsan saglygy üçin diýseň köp peýdasy bar.

Hurma Gündogar Aziýada – Hytaýda we Ýaponiýada döräpdir. Bu önüm Ýewropa  XIX asyrda aralaşýar. Ilkinji gezek hurmany synap gören ýewropalylar lapykeç bolupdyrlar. Sebäbi, taninleriň aşgarlaýyş aýratynlyklary bolan bu ösümlikdäki fenolik birleşmeleri olara şeýle ýakymsyz tagam beripdir. Bu ýagdaý bolsa miweleriň doly bişmediginden bolupdyr. 

Häzirki wagtda dünýäde bäş ýüz töweregi hurma görnüşi bar. Bu miwäniň  iň köp ýaýran görnüşi bolsa «Gündogar hurmasy» diýlip atlandyrylýan görnüşidir. Hurmanyň bu görnüşi örän süýji-de däl, gaty-da. Gündogar hurmasyny sowadyjyda doňdurylanyndan soň ýa-da birnäçe gün alma bilen bir haltada saklananyndan soň iýip bolýar. Bu miwäniň «Şaron» görnüşi gaty görnüşde bolup, örän süýji we şepbeşikli däl. Hurmanyň «Korolýok" görnüşi bolsa şokolad ýaly has garamtyl reňkde bolup, gaty süýji we näzikdir. Ýaňy-ýakynda bu miwäniň «Çopantelpek hurmasy» ýa-da «injir hurmasy» diýlip atlandyrylýan täze bir görnüşi ösdürilip ýetişdirildi. Hurmanyň bu görnüşiniň miweleri birneme tekizlenen we daşky görnüşi gül ýalydyr. Hurmanyň  «Bal hurmasy» diýlip atlandyrylýan bala meňzeş görnüşi sähelçe şepbeşiksiz, ýumşak we gaty näzikdir. 

Häzirki zaman lukmançylygynda hurmanyň ähli görnüşleriniň deň derejede peýdalydygy ykrar edilýär.

Hurmanyň peýdaly aýratynlyklary

Açyk mämişi reňkli hurmada göz üçin peýdaly bolan beta-karotini bilen A witamini aşa köp mukdarda bar. Bu önüm ýürek kesellerini we gipertoniýany bejermeklikde nepli bolan magniý bilen kaliý-de örän baýdyr. Hurmada demiriň köp bolmaklygy ony ganazlygyň ajaýyp bejeriş serişdesine öwürýär. Şeýle hem bu miwäniň düzüminde C witamini bar.  Hut şu nukdaýnazardan-da, hurma bu witamine baý sitrus miwelerinden tapawutlylykda aşgazanyň diwarlaryna oňyn täsir edýär.

Tiroid beziniň käbir kesellerinden ejir çekýänler üçin düzüminde ýod köp bolan hurmany ulanmaklyk örän peýdalydyr. Hurmadaky "B" witaminlerini şokolad bilen deň derejede goýýarlar. Sebäbi bu önümdäki  "B" witaminleri şokolad ýaly serotoniniň öndürilmegine we möwsümleýin durgunlyklyga, umuman erbet keýpiň bejergisine goşant goşýar. Hurmadaky C we PP witaminleri damarlaryň we kapilýarlaryň diwarlaryny berkitmäge kömek edýär. Bu miwe bedende holesteriniň derejesini hem sazlap bilýär.

Guradylan hurma önüminiň içegäniň bozulmalaryny we içgeçmäni bejermeklikde – gipertoniýany bejermeklikde we onuň öňüni almaklykda diýseň uly peýdasy bardyr. Hytaýda we Ýaponiýada gadymy döwürlerde hurma bilen garamükür keseli bejerilýärdi. 

Adaty lukmançylyk hem hurma miwesinden sowa geçmeýär. Lukmançylyk pudagynda, hurmadan alnan taninleri operasiýadan soň derini bejermeklik we gemorroýa garşy çözgütleri öndürmeklik üçin ulanýarlar. Hurma tohumy bolsa işjeňleşdirilen uglerod önümçiliginde ulanylýar we bu miweden alynýan ekstraktlar iýmit goşundylaryny güýçlendirýär.

Hurma  diýetologiýada we kosmetologiýada 

Hurma çalt horlanmaklyk üçin mono-dietanyň düzüm bölegi hökmünde ulanylýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, düzüminde şekeriň we kaloriýanyň örän känligi sebäpli, köplenç, köp mukdarda hurma iýilýär. Ýöne, diýetologiýa hünärmenleri beýle berhiz bilen meşgullanmagy maslahat bermeýärler. 

«Güneşli miwe» kim üçin zyýanly? 

Hurmanyň ajaýyp abraýyna garamazdan, lukmanlaryň, diýetologiýa hünärmenleriniň we hatda kosmetologlaryň arasynda, bu miwäniň hemmeler üçin deň derejede peýdalydygyny, kadadan çykman, ähli keselleri diýen ýaly bejerýändigini inkär edýänlerde bar. Diýmek, hurmanyň ynsan saglygy üçin zyýanly taraplary hem bar.

Süýji keselli adamlar hurmany uly üns bilen iýmeli. bularyň iýýän hurmasy günde bir bölekden köp  bolmaly däldir. Eger düzgüni bozaýsalar, aşgazanasty mäzinden kynçylyk çekerler, böwrekde daşlaryň döremegine sebäp bolarlar. 

Aşgazan-içege ulgamynda geçirilen uly operasiýalardan soň, hurmadan düýbünden gaça durmaklyk maslahat berilýär. Çünki, bu miwäniň içindäki taninler ynsanda güýçli gahar-gazabyň döremegine sebäp bolup bilýär. Hurmanyň düzümindäki ýod adamlarda bar bolan ýod ýetmezçiligi üçin peýdaly ýoddur, Ýöne, bedende ýody köp bolan adamlar üçin hurma iýmeklik örän zyýanlydyr.

Häzirki zaman lukmançylygynda özüne çekiji hurma miwesiniň dürli görnüşleri bilen artykmaç iýmitlenmeklige rugsat berilmeýär. Çünki, bu miwedäki  köp mukdarda süýüm bilen birleşdirilen taninler, käwagt aşgazanda iýmit süýümlerinden bir bölegiň –  fitobezoaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Munuň ýaly daşlar bolsa içegäniň böwetlenmegine sebäp bolup biler. 

Ýaponiýanyň ýaşaýjylary leňňeç etinden soň, hurma  iýmezlik barada berk maslahat berýärler. Ýaponlar  bu iki iýmiti bile iýmekligiň bedende taninleriň täsirini güýçlendirýändigini, şonuň netijesinde bolsa içegäniň böwetlenýändigini kepillendirýärler.

Hurmadan ýeterlik mukdarda iýmitlenmeklik üçin, çagalara günde birini, ulular bolsa günde  2-3 sany  iýmeklik bolýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar