Soňky habarlar

Arhiw

Zähmete tölenýän hak nädip hasaplanylýar?

0
31823

Zähmet haky – Iş beriji tarapyndan, Iş ýerine ýetirijä (işgäre)  eden işine hiline, tizligine, möçberine, agyrlygyna, ýeňilligine laýyklykda töleýän tölegi.

Her bir zähmete ukyply adam zähmet çekýär, her bir adama çeken zähmeti üçin hak tölenýär. Tölegiň möçberi ýa-da başga şertleri iş beriji bilen işgäriň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Köp adama olaryň alýan zähmet haklarynyň nädip hasaplanylşy gyzykly bolsa gerek.

Iş beriji zähmet haky tölände esasy Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kodeksine hem-de «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna salgylanýar. Zähmet haky işgäriň eline barýança birnäçe ýagdaýy başdan geçirýär. Şertnamada bellenilen möçberden ugur alýar we bir näçe hasaplamalardan soň işgäriň eline barýar. Bu hasaplamalaryň möçberi, işgäriň öz zähmet hakyna esaslanyp meýletin durmuş we sosial taýdan baglaşan goşmaça şertnamalaryna (medisina, pensiýa we ş/m) bagly. Zähmet hakynyň hasaplanmasy aşakdaky hereket (surat1) boýunça amala aşyrylýar;

Bu çyzgy (surat 1)  zähmet haky hasaplaşygyň iň gysga görnüşi, bundan başga her dörtburçyň içinde-de hasaplamalar amala aşyrylýar. Gysgaça mysal bilen düşündirjek bolaly;

Çerkez tekstil fabriginde ýükçi bolup işleýär. Oňa mart aýy üçin zähmet hakyny hasaplamaly. Onuň şertnama boýunça baglaşylan zähmet haky 2 500 manat. Mart aýynda iş gününiň sany 19 iş güni boldy (hakykatda mart aýynda 31 gün boldy baýarmçylyk we dynç günler iş güni diýilip hasaplanmaýar) iş sagady hem 150 sagat. Çerkez 8-nji mart baýramçylyk güni hem işe çykyp  8 sagat işläpdir (Zähmet kodeksi boýunça dynç güni işlenen sagatlar 2 essä köpeldilýär). Çerkez zähmet hakyndan pensiýa ätiýaçlandyrmasy tölegi (PÄT) boýunça 2 %, medisina ätiýaçlandyrmasy tölegi  boýunça (MÄT) 3 % we kärdeşler arkalaşygy tölegi (KAT) boýunça 1% tölemek üçin şertnama baglaşypdyr. Salgyt kodeksine laýyklykda Çerkez girdejisinden býujete 10% girdeji salgydyny (GS) tölemeli. Hasaplamany ýokardaky tertibe (surat 1)  geçireli.

Çerkeziň eline alýan pul möçberiniň jemi 2 324 manada deň boldy. Bir aýdaky iş günleriň, sagatlaryň  möçberini Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan bellenilýär we “Önümçilik senenama”  diýilip atlandyrylýar. 

Soraglaryňyz bolsa info@turkmenportal.com ýazyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar