Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 23-nji tapgyryň hasaplamalary

0
1481

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Orunlar üýtgemedi: Tapgyrdan soň toparlaryň ählisi öz eýeleýän ornunda galdy, ýaryş tertibinde üýtgeşiklik bolmady.

Ýene täze 3 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna ýene 3 oýunçy goşuldy we sanaw indi 84-e çykdy.

6 gol: Tapgyrda derwezelere 6 pökgi (her duşuşykda ortaça 2 gol) geçirildi, ýöne ätiýaçlykda ýene bir oýun hem bar.

84 futbolçy, 236 gol: Ortaça her futbolça 2,80 (-0,03), her tapgyra 10,26 (-0,19) goldan düşýär.

Ýeňiji — öý eýeleri: Tapgyrdaky duşuşyklaryň üçüsi hem ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu-da hiç, myhmanlar toparlar azyndan ýekeje gol hem geçirip bilmediler.

«Ahal» — «Balkan» — 2:0.

Gollar:

1:0, Wahyt Orazsähedow 19’

2:0, Wahyt Orazsähedow 53’ (11 m.j.u.)

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 4:1

Jemi: 8:1.

Orazsähedow — ikinji: Soňky 3 tapgyrda 5 gol geçiren Wahyt Orazsähedow 14 gol bilen bombardirlik ýaryşynda ikinji orna çykdy.

«Ahal» «aragatnaşykçylara» şärik: Indi «Ahalyňam», edil «Altyn asyr» ýaly, öz meýdanynda geçirilen duşuşyklarda 23 goly bar.

«Ahal» öz meýdanynda 10 ýeňiş gazanan ilkinji topar: Artykmaç düşündiriş derkaram däl. Öz meýdanyndaky ýeňişler babatda Röwşen Meredowyň toparynyň iň ýakyn bäsdeşi «Altyn asyryň», häzirlikçe, öz meýdanynda 8 ýeňşi bar.

Orazsähedow «Balkana» het-trik: Wahyt Orazsähedow «Balkanyň» derwezesine Ýokary ligadaky soňky iki duşuşykda 3 gol geçirdi. Möwsüm babatynda alsak bolsa, bu san 5-e çykýar. Ýadyňyzda bolsa tejribeli hüjümçi Kubok ýaryşynyň çärýek finalynyň Balkanabatda geçirilen ilkinji duşuşygynda hem iki gezek tapawutlanypdy.

«Aşgabat» — «Turan» — 3:0.

Gollar:

1:0, Ibragim Mämmedow 33’

2:0, Nazar Baýramow 73’

3:0, Nazar Baýramow 87’.

Birinji aýlaw: 2:0

Ikinji aýlaw: 2:0

Jemi: 7:0.

«Turan» 10-lugy doldurdy: Şu duşuşykdan soň, «Turan» myhmançylykdaky duşuşyklarda 10 gezek utulan ilkinji topar boldy.

«Köpetdag» — «Şagadam» — 1:0.

Gol:

1:0, Döwlet Seýitmuhammedow 8’.

Birinji aýlawda: 1:2

Ikinji aýlawda: 0:2

Jemi: 2:4.

«Merw» — «Altyn asyr» (16-njy sentýabra geçirildi)

Ýene öňki-öňkülik: Şeýlelikde, möwsümdäki üçünji «Merw» — «Altyn asyr» duşuşygy hem tertipnamada görkezilen senesinde oýnalmady.

«Energetik» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar