Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýoga – endamyňy owadan we agramyňy kadaly saklar

0
19604

Aglaba adamlaryň ýoga hakyndaky düşünjesi: Ýoga – esasan garry adamlara ýa-da göwrelilere niýetlenen ýönekeý fiziki maşk diýip pikir edýärler. Ýöne bu düşünje düýbünden ýalňyşdyr. Ýoga-gimnastikasy saglygyň sakasydyr. Muny geçirilen barlaglar aýdyňlygy bilen subut edendir. Mysal üçin ýoga iň bärkisi - horlanmak üçin iň gowy usullaryň biridir.

Soňky döwür ýoga hereket edýän fitnes-klublaryň programmalaryna giňden goşulýar. Lukmanlar bolsa ýaşyna, fiziki taýýarlygyna garamazdan islendik adama ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýär.

Näme üçun?

Sebäbi Ýoga – bu diňe bir fiziki maşklaryň toplumyny özünde jemlemän, eýsem-de adamyň bedenini we ruhuny ýokary derejede taplamagyň ylmyny özünde jemleýär.

Ýoga saglyga nähili peýda berýär?

Iň bärkisi Ýoganyň iň ýönekeý hereketleri hem (olar dogry ýerine ýetirilende) saglygymyza güýçli bejergi effektini berýär. Saglygymyza barýan ýolda Ýoganyň orny örän uludyr – Ýoga diňe bir bedenimiziň owadanlygyny saklamaga ýardam etmän, uzak günki işden ýadawlygymyzy “el bilen aýran” ýaly edip, durmuşymyza rahatlyk aralaşdyrýar.

Biz häzir Ýoganyň saglyga peýdasy hakyndaky onlarça artykmaçlygy size ýetirýäris

Bedeniň dartgynlygyny peseldýär

Sterssiň bedene berýän howpuny azaltmaga Ýoganyň ýardamy uludyr. Ýogadaky edilýän hereketler kortizolyň azalmagyna ýardam edýär, bu bolsa bedenimiziň rahatlanmagyna getirýär. Kortizol – bu gormon, sterssiň reaksiýasyny ulaldýan uglewodlaryň çalşygyny ýygjamlaşdyrýar. Kortizolyň azalmagy bedenimiziň aktiwliliginiň artdyrýar.

Agyrynyň ýeňledýär

Ýoga bilen gündelik meşgullanylan ýagdaýynda bedendäki agyryny azaldýar. Öň bar bolan keselleri zerarly ejir çekýänlerde Ýoga bilen gündelik meşgullanýanlarynyň arasynda agyrylarynyň ep-esli derejede azalandygy geçirilen barlaglar görkezýär.

Dem alşymyzy ýeňledýär

Toplumlaýyn-Ýogada dem alyş gimnastikasy hem bolup, onuň dowamynda dem alyş ulgamy kadaly ýagdaýa gelýär. Bu hereketleriň netijesinde öýkende kislorod ýeterlik derejede saklanýar. Şeýlelikde dem alyş ulgamynyň kadalaşmagy bedeniň beýleki agzalarynyň işini kadalaşdyrýar, bu bolsa stressiň öňüni wagtynda almaga mümkinçilik berýär.

Bedeniň maýyşgaklygyny artdyrýar

Ýoga bilen meşgullanyp ugrasaňyz siz hökmany suratda bedeniňiziň maýyşgak bolup ugrandygyny duýarsyňyz. Ýoga damaryň, myşssanyň sagdynlygyny üpjün edýär. Ýoga türgenleşigi wagtyhereketi kadaly ýagdaýa getirýär, bu ýagdaý bedenimiziň  hemme ýerine ýeňillik getirýär.

Myşssalar berkeýär

Ýogada bedenimizdäki myşssalarymyzyň hemmesi herekete girýär. Bu ýagdaýda süňke golaý myşssalar hem işjeň ýagdaýda bolup, güýjümize güýç goşýar.

Agramy kadaly derejede saklaýar

Ýoga bilen meşgullanynanda bedenimizdäki kortizolyň mukdarynyň azalmagy agramymyzyň ýeňlemegine getirýär. Ýoga bilen gündelik meşgullanylanda siz bedeniňize zeper ýetirmezden günüňizi sanap horlanarsyňyz. Şunlukda, Ýoganyň bu ýagdaýdaky peýdasy hem göz-görteledir.

Ganaýlanyşyňy kadalaşdyrýar

Ýoganyň damarlaryň berkemeginde peýdasy örän uludyr. Heretekleriň netijesinde gan aýlanyşymyz kadalaşyp, beýnä gan urmasynyň howpuny azaldýar.

Ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýar

Ýoga bedenimiziň iň işjeň agzasy bolan ýüregiň işini hem kadada saklaýar. Ýoga hereketleri ýüregiň gany köp mukdarda işlemegine getirýär. Bu bolsa kislorodyň artmagyna getirip, bedeniň hemme öýjüginiň işini aktiwleşdirýär.

Ýoga sapaklaryny professional derejede nirede almaly?

Professional tälimçiniň geçirýän Ýoga sapaklaryna gündelik gatnalynan ýagdaýynda hökmany suratda oňyn netije berer. Bagtyýarlyk sport toplumynda Hindistandan gelen tälimçileriň geçirýän türgenleşikleri siziň islendigiňiziň durmuşyňyzy ýagtylykdan doldurar hem-de ýagty pursatlary peşgeş berer.

Salgy: Bagtyýarlyk sport toplumy (öňki haýwanat bagynyň ýerinde), telefon belgileri:36-85-18, 36-81-64, 72-23-33

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar