Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda hindi tälimçileriniň ýoga sapaklary

0
21777

Aşgabat şäherinde Ýoga sagaldyş gimnastikasy boýunça hindi tälimçileriniň sapaklary diňe Bagtyýarlyk sport toplumynda geçirilýär. Şol sebäpli-de, Bagtyýarlyk sport toplumyna gatnaýanlaryň sany 1000-den geçdi.  

Ýoganyň mekany hasaplanýan Hindistandan gelen tälimçileriň ýoga gatnaýanlara berýän sapaklary özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi olar bedeniň sazlaşykly hereketini dogry berjaý etmegiň ähli syrlaryny öwredýärler. Bu bolsa, ýogada esasy zatlaryň biridir. Ýoga sapaklarynyň bütin durkuňa erk etmegi, gan aýlanyşyňy kadalaşdyrmaga, bedeniňi saz saklamaga, şeýle-de horlanmaga ýardamy uludyr.

Bagtyýarlyk sport toplumyň Ýoga sagaldyş gimnastikasy 5 müň adama niýetlenen ýörite binada geçirilýär. Bu binada ýoga sapaklaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.

Ýoga gatnaýanlar 7 topara bölünip, 2, 4, 6-njy günler 9-dan 12-ä we 17-den 21-e çenli türgenleşik geçirilýär.

Üns çekmeli zatlaryň biri, Bagtyýarlyk sport toplumynda yzygiderli türgenleşik geçmäge gelýän türgenleri höweslendirmek maksady bilen sport lybaslary, dürli görnüşli ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.

 Bagtyýarlyk sport toplumyndaky Ýoga sapaklarynyň ýene-de bir aýratynlygy, bu ýerde pensionerler üçin ýoga hyzmatlarynyň mugt ýerine ýetirilmegidir.

Ýoga sagaldyş sapaklaryna ýazylmak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 36-85-18, 36-81-64, 72-23-33

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar