Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalar barada gyzykly maglumatlar

0
37576

Geljekki ene bolmaly zenanlar durmuşynyň möhüm wakasy bolan bu döwre ykjam taýynlyk görmek üçin täze doglan çagalar baradaky maglumatlary üns bilen öwrenýärler. Şeýle-de bolsa, bu meselede bilini pugta guşan gelinler hem aşakda getirilýän maglumatlaryň käbirine geň galsalar gerek.

Çagalar iki ýaşyna çenli düýş görmeýärler, sebäbi beýnide toplanan şekiller we düşünjeler azlyk edýär.

Çagalar dyzçanaksyz dogulýarlar. Aslynda çagalarda dyzçanak bolýar, ýöne onuň gurluşy maýyşgakdyr. Diňe alty aýdan soň maýyşgak dyzçanak süňk görnüşine öwrülip başlaýar.

Şol sebäpli hem bäbekleriň köpüsi dyzlaryna daýanman, ellerinde süýrenýärler. Şwesiýaly alymlar tarapyndan geçirilen barlag täze doglan çagalaryň ellerinde süýrenip bilýändigini görkezdi. Çaga doglandan soň, enäniň garnyna goýlanda, bir sagadyň dowamynda onuň döşüne ýetip bilýär.

Maý aýynda bäbekler agyr agramda dogulýarlar. Alymlar maý aýynda doglan bäbekleriň beýleki aýlarda doglan bäbeklerden, ortaça 200 gram agyr agramda dogulýandygyny anykladylar.

Şu güne çenli iň uly doglan çaga — 1955-nji ýylda Italiýada dünýä inen, agramy 10 kilogram 200 grama deň bolan oglan bäbek hasaplanýar.

Täze doglan çagalar aglamaýarlar. Täze doglan çagalar doglan dessine gözýaş dökmeýärler, sebäbi heniz olaryň göz ýaşlary dörediji çeşmeleri doly ösmedik ýagdaýdadyr. Ömrüniň ilkinji hepdelerinde gözleriň sagdyn bolmagy üçin ýeterlik derejede çyglyk emele gelýär.

Çagalaryň ilkinji gözýaşlary, adatça 3-4 hepdeden soň peýda bolýar. Şeýle-de bolsa, käbir bäbeklerde bolsa gözýaş 5-6 aýdan soň hem ýüze çykyp biler, ýöne bu seýrek bolýar.

Täze doglan çagalarda 300 töweregi süňk bardyr, ulularda bolsa süňkleriň sany 206 sanydyr. Aslynda, täze doglan çaganyň käbir süňkleri çaganyň ulalmagy bilen deň ösýär.

Çaga enäniň ýürek urşuna täsir edip biler. Ysraýylyň alymlary tarapyndan geçirilen barlag, enäniň we täze doglan çaganyň biri-biriniň gözüne sereden mahalynda ýürek urgularynyň deňleşip bilýändigini görkezdi.

Çaga doglan dessine onuň ýüregi minutda takmynan 180 gezek urýar. Birnäçe sagadyň içinde ýürek urşy minutda 140 urga çenli azalýar. Bir ýaşa çenli çaganyň ýürek urgusy minutda takmynan 115 urga deň bolýar we uly ýaşadygyça minutda 70-80 urga barabar bolýar.

Täze doglan çagalarda, takmynan 10 000 sany tagam reseptory bolup, bu ulularyňkydan üç esse köpdür. Tagam reseptorlary diňe bir dilde däl, eýsem kentlewükde, mindalunde we bokurdagyň diwarlarynda hem ýerleşýär.

Çagalar günde, ortaça 300 gezek gülýärler, ulular bolsa diňe 60 gezek gülýärler.

Täze doglan çagalar öz agramyny saklap biler ýaly derejede elden tutup bilmäge ukyplydyrlar. Olaryň bu täsin ukyby wagtyň geçmegi bilen ýitýär.

Çaga aksentli aglaýar. Çagalar ene dilini heniz enesiniň göwresinde mahaly özleşdirip başlaýarlar. Diliň aýratynlyklary çaga doglandan soň, agy seslerinde ýüze çykyp ugraýar. Şeýlelikde hem, dürli ýurtlardan bolan bäbekleriň sesleri we jägildileri tapawutly eşidilýär.

Çagalar bir wagtyň özünde ýuwdunyp hem dem alyp bilerler. Bu özboluşly beden gurluş aýratynlygy çagada ýedi aýa çenli dowam edýär.

Bäbekler göwrelilik döwründe diňlän aýdym-sazlaryny ýadynda saklap bilýärler we soň hem ony eşidenlerinde köşeşýärler.

Peýdalanylan çeşmeler: letidor.ru; www.boan-baby.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar