Täze ýyl gijesinde artykmaç iýmekden saklanmak üçin

0
44685

Täze ýyl saçagynda, adatça, işdäaçarlardan başlap süýjüliklere çenli dürli  görnüşli tagamlar bolýar. Olaryň hemmesi örän tagamly we özüne çekiji, şonuň üçin tagamlaryň her görnüşinden iýmek meýliňe berleniňi bilmän galýarsyň.

Bu ýagdaýda biygtyýar aşa köp iýmezlik üçin nämeler etmeli?

Saçak başyna aç ýagdaýda geçmäň

Baýramçylyk — adaty iýmitleniş tertibiňizi üýtgetmäge, gündizine aç bolup agşama garaşmak üçin bahana däl. Köplenç şeýle etmek aşa köp iýmege, kä halatda bolsa aşa düşmäge, iýmit zäherlenme ýagdaýynyň ýüze çykmagyna getiribem bilýär. 31-nji dekabrda ýokumly nahar bilen ertirlik, doýup günortanlyk hem-de ýeňiljek agşamlyk edinmeli.

Baýramçylyk tagamlary barada pikirleniň: ýagy az, ýeňil tagamlar köp bolsa

- maýoneziň ýerine gaýmak, ýogurt ýa-da zeýtun ýagyny ulanyň;

- ter gök önümler we otlar saçaga ajaýyp bezeg berer;

- naharyňyzy gyzgyn bir zat bilen başlaň. Işdäaçarlary soňraga goýuň. Olary azajykdan, haýallyk bilen iýiň;

- çörek we konditer önümlerini köp iýmekden saklanyň. Süýjüligiň ýeňil görnüşini saýlamak ýerliklidir: miweler, žele ýa-da doňdurma. Tort, konditer önümleri we beýleki agyr düşjek süýjülik tagamlaryny ertire goýsaňyz gowy bolar.

Saçaga kiçi göwrümli tarelkalary düzüň

Uly tarelkalar iýmitiň bir bölegini kiçi ýaly görkezýär.

Kiçi göwrümli tarelkalar — beýniňiz üçin wizual hile mysalydyr. Tabagyň gyrasyna çenli doldurylandygyny göreniňizde, beýnimiz ýeterlik iýmitiň bardygyny we ýakyn wagtda doýjakdygyňyzy çaklaýar.

Naharlanýan wagtyňyz tansa ýa-da bäsleşige çykyň

Baýramçylyk stolunda artykmaç iýmitlenmezlik üçin naharlaryň arasyna wagt salyň. Mysal üçin, tans edip, karaokede aýdym aýdyp, bäsleşik geçirip ýa-da ýakynlaryňyza myhmançylyga gidip bilersiňiz.

Islendik hereket iýmit siňdirilişini biraz tizleşdirmäge, goşmaça kaloriýany ýakmaga we indiki naharyňyza çenli işdäňizi artdyrmaga kömek eder.
Eger-de siz ýöräp bilmeýän bolsaňyz ýa-da muny islemeýän bolsaňyz, bu ýagdaýda psihologlar ýakynlary we dostlary bilen söhbet etmegi maslahat berýärler. Gyzykly söhbetdeşlik baýramçylygyň dabarasynyň lezzet çeşmesi bolup biler diýýärler.

Ertesi günem bar

Baýramçylyk saçagynyň üsti naharlardan ýaňa dos-doly, ol hemme zatdan datmaga çagyryp dur. Ýöne durmuşyň bir günde gutarmaýandygyny ýadyňa hüşgär salyp durmalydyr. 1-nji ýanwaryň säheri hökman geler we siz täze ýyly gowy keýpiçaglykda başlamaga taýýar bolsaňyz gowy bolar.

Goý, Täze ýyl gijesi siziň üçin tagamlaryň, şatlyk-şowhunyň hem-de saglygyň baýramy bolsun!

Peýdalanylan çeşmeler: championat.com; sputnik.by; food.inmyroom.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar