Türkmeniň milli ruhuny açmakda Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan eserleriniň ähmiýeti uludyr. Beýik akyldaryň edebi mirasyny ruhy hemaýatçysyna öwren her bir türkmen okyjysy şahyryň şygyrlarynda özüniň gowy gylyk-häsiýetini görýär we ýüregine melhem tapýar. Gahryman Arladagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Dag göwsünden gaýdyp, çeşme-çaýlaryň topraga siňşi ýaly, beýik akyldaryň jigerinden syzylan şygyrlaryndan täsirlenip, döredijilik adamlary beýik akyldara bagyşlap ençeme goşgulary döredipdirler. Ol goşgular dürli ýyllarda metbugat sahypalaryny bezäp gelipdir. Muny geçen asyryň edebiýatyna nazar aýlanyňda aýdyň görmek bolýar. Geçen asyryň edebiýatynda Magtymgula bagyşlap dürli goşgular bilen bir hatarda poemalar hem döredilipdir. Şeýle poemalaryň birinde Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk döwri, maşgala durmuşy, galam ýörediş ussatlygy suratlandyrylýar, ýene birinde arzuw eden zamanasynda ýaşaýan türkmen halkynyň onuň şanyna toý-baýram edişi suratlandyrylýar.
Magtymgula bagyşlanan şeýle eserleriň biri şahyr Ruhy Alyýewiň «Ussat bilen gürrüň» poemasydyr. Poema 1959-njy ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilipdir. Poema awtoryň Magtymgula şeýle setirleriň üsti bilen ýüzlenmeginden başlanýar:
Gel, şahyr, synla sen beýik günleri,
Beýik arzuwlary, şat göwünleri.
Gör, neneň ösüpdir dagynyk halkyň,
Gör, neneň gülläpdir öň galak mülküň.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiligine ýüzlenip: «şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir» diýende müň kerem mamla. Muny beýik akyldaryň şanyna belent sesli şahyrlaryň döreden dürli çeper öwüşginli eserleri doly subut edýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Hydyrkulyýewa Maýagözel