Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa halklarynyň bezeglik şaý-sepleri: meňzeşlikleri we tapawutlary

0
47675

Gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýada ýaşan zenanlaryň däp bolan milli geýimleriniň iň göze ilýän bölegi-de şaý-sepler bolupdyr. Türkmen, gazak, özbek gelin-gyzlary we beýleki halklaryň zenanlary olary köplenç çykarmazdan diýen ýaly dakynypdyrlar, ol şaý-sepler özüniň ajaýyplygy we ululygy bilen tapawutlanypdyr. Şaý-sepler diňe bir bezeg elementleri bolman, köplenç eýesini erbet göz-dillerden, allardan we kesellerden goraýan gymmatlyk hökmünde hasap edilipdir.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň gelin-gyzlarynyň şaý-sepleri birnäçe meňzeş aýratynlyklara eýe bolup, şol bir wagtyň özünde-de biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň her biriniň umumy häsiýetli tarapy kümüşe ygrarlylykdyr, hut şu metal şaý-sepleri ýasamakda iň meşhur bolupdyr, sebäbi ol altyndan amatlylygy bilen elýeterlidir. Mundan başga-da, kümüş özüniň mistiki aýratynlyklaryna eýe bolan Aýyň bölejigi hasaplanyp gelipdir. Merkezi Aziýanyň ähli ýerinde diýen ýaly şaý-sepler gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar bilen bezelip, olaryň iň ýörgünlisi karneoldyr.

Ýeri gelende bellemeli zat, şaý-sepler islendik halkyň ýaşaýyş durmuşyna uly täsir edipdir. Mysal üçin, uzak döwürlerden bäri oturymly özbek we täjik halklarynyň şaý-sepleri ajaýyplygy, dürli görnüşleri we ýasalyş usullary, çylşyrymly nagyşlary bilen tapawutlanýar. Olar daşlar, şol sanda gymmat bahaly daşlar bilen ajaýyp bezelipdir, olaryň bezeg aýratynlygynda filigrani, grawirowka, şekil çekmek usullary giňden ulanylýar.

Çarwa halklaryň — türkmenleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň durmuşynda şaý-sepler has köp görnüşe we saldamly bezeglik gymmatyna eýedir. Olar göräýmäge ýönekeý ýaly görünse-de, bu ýönekeýligiň aňyrsynda çuňňur many we nyşanlar bar. Türkmen şaý-sepleri karneol we beýleki daşlar bilen baý bezelipdir; gazak zergärleri şaý-seplerde metal ýüplüklere, metal topjagazlara, grawirowka we möhürleme bilen bezemäge uly ähmiýet beripdirler.

Surat: klublady.ru

Gyrgyz şaý-sepleriniň tapawutly aýratynlygy olarda ýarym gymmat bahaly daşlardan zynjyrlar bilen bilelikde biserleriň we buslaryň giňden ulanylmagydyr. Olaryň şaý-sep bezegleri daşky görnüşi boýunça ýönekeý, birneme gadymy, ýönekeý möhürlenen nagyşlar we uly daşlar bilen bezelendir.

Merkezi Aziýa halklarynyň zenan şaý-sepleriniň arasynda esasy dört görnüşi tapawutlandyryp bolar: kelle üçin bezeglikler, bilezikler we halkalar, saçbaglar, döşden asylýan broşkalar hem-de monjuklar.

Surat: www.asiaplustj.info/edisblog.com

Özbek we täjik zenanlarynyň dakynýan meşhur hem-de özboluşly baş bezeglerinden, jygalaryndan biri-de «tilla koş» bezegidir (ýa-da täjikçe «koştillo»). Bu at «altyn gaşlar» diýlip terjime edilýär. Diademanyň aşaky bölegi Gündogar gözeliniň gaşlarynyň gytak ýerine çalym edýär; ol kümüş şelpe bilen bezelýär we onuň özi daşlar we reňkli aýna bilen bezelen owadan täç görnüşinde ýasalýar.

Surat: ia-centr.ru

Gazak gelin-gyzlary kellelerini kümüş teňňeler, şelpeler, gymmatbaha daşlar görnüşindäki dürli tikinli başgaplar bilen bezenipdirler. Mysal üçin, gelniň «saukele» atlandyrylýan başgaby kümüş bezegler, birýuza, karneol we merjenler bilen bezelipdir, durmuşa çykan aýallar bolsa başatgyçlaryna ullakan şelpeleri dakypdylar. Gyrgyzystanyň aýal-gyzlary hem şuňa meňzeş şaý-sepleri dakynypdyrlar, olara «želbirooç» diýlip, ýarym gymmat bahaly daşlar bilen inçe zynjyrlardan bolup, eginden az-kem aşak geçýän eken.

Gadymy döwürlerde saçlara mukaddeslik derejede  seredilen mahallary hem bolupdyr, ony zenanlaryň iň ejiz bölegi hasaplap, şonuň arkaly erbet ruhlar olara betbagtlyk we kesel getirip bilýär diýlip bilnipdir. Şonuň üçin Merkezi Aziýada örülen şaý-sepler diňe bir gözellik üçin däl, eýsem goraýan nyşan hökmünde görlüpdir. Çarwa halklarynyň aýal-gyzlary ýüpek ýüplükleri kümüş gulakhalkalar ýa-da teňňeler bilen örüpdirler hem-de örümleri uly kümüş şelpeler bilen örtüpdirler (bu bezeg esasanam türkmenler we gazak aýallary üçin mahsus bolupdyr).

Daş bilen bezelen kaşaň, ýalpyldawuk halkalar we bilezikler Merkezi Aziýa halklarynyň ähli zenanlary tarapyndan dakylypdyr. Olar diňe daşky görnüşi bilen däl, eýsem önümçilik usuly bilenem tapawutlanýar. Özbek we täjik zergärleri örän inçelik hem-de ussatlyk bilen bezelen halkalary, bilezikleri ýasapdyrlar. Olaryň eserleri ajaýyp görnüşleri, baý bezegi bilen tapawutlanýar we umuman, Ýewropada Gündogar medeniýetini, gymmatlyklaryny halaýanlar üçin gymmatly bezeg hasap edilýär.

Gazak, türkmen we gyrgyz zergärleriniň öndüren halkalarydyr bilezikleri has ulurak şekilde bolup, monumental, lakon bezegi we az mukdarda daşlar bilen bezelendir. Türkmen bilezikleri gadymy çarwa taýpalarynyň söweşijileriniň bileklerini goraýan bilezikleri ýada salýar. Gazak we gyrgyz bilezikleri beýle bir täsirli däl bolsa-da, ýöne berk, birneme gadymy bezegi bilen tapawutlanýar. Türkmenler bilen gazaklaryň şaý-sepleriniň däp-dessurlary bilezikleriň we halkalaryň «gibrididir», mysal üçin, şeýle äheňdäki bilezige Gazagystandaky «bes-bilezigi» we Türkmenistandaky «kökenli-ýüzügi» bellemek bolar. Gazak gelin-gyzlary daşlar bilen däl-de, möhür basmak, däne (kiçijik metal toplar), garalamak ýa-da çyzmak arkaly bezelen kümüş halkalary dakynýarlar.

Merkezi Aziýaly zenan köýnekleriniň ýakasy elmydama her milletiň arasynda tapawutlanýan broşka bilen berkidilýär. Özbek we täjik gelin-gyzlarynyň beýleki şaý-sepleriniň kaşaňlygy we çylşyrymlylygyndan tapawutlylykda, broşkalary kiçi ýa-da merkezinde ownuk daşly açyk kümüşsöw plastina (altyn) görnüşinde bolupdyr. Gazak broşkasy özbek bezeginden tapawutlylykda, nagyşlar we möhürlenen nagyşlar bilen bezelendir. Gyrgyz broşkasynyň iň kadaly dizaýny bar — daşyň ýerine ortada tegelek deşik bar; bu broşka togalak ýaly görünýär. Tehnika taýdan iň täsir galdyryjy we çylşyrymly broş — nagyşlar, garalar, bölekler we karneol daşlary bilen baý bezelen iri türkmen «gülýakasydyr».

Surat: www.asiaplustj.info/tribal.muse

«Tumar» bezegi hem gymmatlyklaryň hatarynda aýratyn orny eýeleýär. Daşlar we şelpeler bilen bezelen, gorag bezeglikleri ýa-da dileg hatjagazlary bilen bezelen kiçijik kümüş silindrleri aýallar we çagalar dakynypdyrlar.

Merkezi Aziýanyň halklarynyň gelin-gyzlarynyň şaý-sepleri, şol sanda gadymy we häzirki zaman bezeglikleri, esasy elementleri we goşmaça aýratynlyklary boýunça köp umumylyklara eýedir. Bu sebitdäki şaý-sep sungatynyň däpleri, tapawutlyklarynyň bardygyna garamazdan, bu halklaryň medeniýetiniň möhüm bölegi bolup, Merkezi Aziýanyň halklaryny bitewi medeni jemgyýete öwürýär.

Peýdalanylan çeşmeler: www.academia.edu; www.asiaplustj.info; maxanto.ru; afgan-bazar.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar