Top.Mail.Ru

Erkekler üçin iň ýerliksiz sowgatlaryň sanawy

0
8992

Zenan maşgala adatça, durmuşdan näme isleýändigini we oňa ýetmek üçin ýaryna nädip yşarat etmelidigini bilýär. Emma erkekleriň baýramçylygynyň golaýlamagy bilen olar näme sowgat etjegini bilmän howsala düşüp, aljyrap başlaýarlar. Hawa, erkekler üçin sowgat saýlamaga diýseň jogapkärli çemeleşmek gerekdir, çünki olar edil zenanlar ýaly sowgada baha bermäge ýykgyn edýärler, emma munuň dowamynda öz duýgularyny görkezmeýärler. Eýsem, nähili sowgatlar erkeklere ýakymsyz täsir edip biler? Aşakda, erkeklerde ýakymsyz duýgularyň döremegine getirjek, hatda olary gynandyryp biljek sowgatlaryň sanawyny  siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Joraplar we içki eşikler

"Esasy zat sowgat däl-de, ýaryňa üns bermek" ýörelgesine salgylanýan sowgadyň bu görnüşi, indi köp wagtdan bäri ýerlikli däldir. Çünki ol, adaty we iň ýörgünli bolmak bilen hemmeleriň ýüregine düşen sowgat bolup durýar. Özüne içki eşigi almagy her kim başarýar we hut şonuň üçin olary ýoldaşyňa, ogluňa ýa-da tanyşlaryňa sowgat etmek maslahat berilmeýär.

Şampun, suwa düşünmek üçin gel we sakgal syrmak üçin köpürjik toplumlary

Hawa, söwda dükanlaryň tekjelerindäki şampunlaryň we sakgal syrmak üçin köpürjikleriň dürli görnüşli taýýar sowgatlyk toplumlarynyň maýyl ediji we satyn almak islegini dörediji bezeglerine garşy durmak gaty kyn. Tekjelerde goýlan bu zatlary göreniňde täze dezodorandy almak üçin eliňi nädip uzadanyňy bilmän galýarsyň. Her nämede bolsa, şunuň ýaly sowgady almakdan saklanjak boluň! Çünki, şeýle sowgat, känbir alada etmezden, ilkinji duş gelen sowgatlyk toplumynyň  alynandygynyň nyşanydyr.

Parfýumeriýa

Yzygiderli ulanylýan atyryň görnüşi mälim bolsada, başga bir kişi üçin ony saýlamak gaty kyn mesele bolup durýar. Eger haýsy atyry isleýändigini öňünden size aýtmadyk bolsa, saýlanylan atyryň görnüşi eýýäm birwagt onuň ýüregine düşen bolup biler. Çünki adama wagtyň geçmegi bilen öz islegini üýtgetmek mahsusdyr.

Doglan günlerde, baýramçylyklarda, ýa-da aýratyn bir wakanyň bellenilýän günlerinde ýoldaşyňyzyň, ogluňyzyň, doganyňyzyň, dostuňyzyň ýa-da işdeşiňiziň göwnünden ýer almak isleýän bolsaňyz telekeçi Toýly Pirowyň hususy kärhanasynyň ýörite dizaýnerçilik çözgütleri ulanylan elde ýasalan ýokary hilli deri önümleriniň täsiri  uly bolar. Swarowski kristallary we 925 hilli kümüş bilen bezelen erkekleriň  gapjyklary, okuw torbalary (portfelleri), ýol sumkalary, jalbarlar üçin kemerler, pasportlar we sürüjilik şahadatnamalary üçin niýetlenilen daşlyklar hiç kimi biperwaý goýmaz.  

Önümler üçin çig mal hökmünde ýokary hilli hakyky deri ulanylýar, bu hem öz gezeginde önümleri ulanmaga oňaýly edýär, olara aýratyn bezeg berýär.

Köpçülikleýin önümçiligiň daşyndan, ýerli öndüriji dürli görnüşli modelleri şahsy sargytlar boýunça hem öndürýär. Her bir müşderi öz islegine görä sargyt eden önüminiň diňe bir dizaýnyny däl-de, eýsem deriniň reňkini, görnüşini, hem-de biçüwini saýlamak bilen özüniň hyýalyndaky ideal önümini döretmäge mümkinçilik alýar.

Erkekler üçin niýetlenilen önümlerden başga-da, türkmen telekeçisiniň aýal-gyzlar üçin hem ajaýyp sowgat boljak owadan zenan klatçalaryny, sumkalaryny we gapjyklaryny hem öndürýändigini bellemelidiris.

Telekeçi Toýly Pirow degişli hususy kärhananyň deri önümleri bilen «Gipertm» we «Ynamdar» internet dükanlarynda we @marseille_tp instagram sahypasynda, şeýle-de  +993 (64) 08-19-09 telefon belgisine jaň etmek bilen tanşyp we sargyt edip bilersiňiz.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar