«Arçman» şypahanasy

0
62193
Salgysy:
Ахалский велаят, пос. Бахерден
Telefon belgiňiz:
800-12-92-14-10; 800-131-26-4-56.
Soňky täzelenme:

Ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatara 130 kilometr uzaklykda Köpetdagyň «Degirmendag» diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär. 
Açylan ýyly: 1915-nji ýylda açylan şypahana ilkinji näsaglary kabul edip başlaýar. 2009-njy ýylda 420 orunlyk binasy guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 500 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda 920 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi.
Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Arçmanyň şypaly suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili, gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. Şypaly suwy içmek, suwa düşmek, içegeleri ýuwmak arkaly bejerginiň dürli usullary ulanylýar. Ol beden agzalarynyň işjeňligini kadalaşdyrýar. 
Bölümleri: Iki sany anyklaýyş we bejeriş bölümi bolup, onda iki sany USB otagy, endoskopiýa otagy, rentgen otagy, fizioterapiýa bejergiler üçin otaglar, sagaldyş-bedenterbiýe, wulkan palçygyny ýüze ýapmak otagy, diş etine ýapgy ýapmak otagy, owkalaýyş otaglary hereket edýär. Suw bilen bejeriş bölüminde bejeriş wanna, derman ösümliklerden wanna, içege ýuwulýan otag, aşgazan ýuwýan otag, suw pürkmek arkaly geçirilýän em ýaly otaglar, barlaghana, suw içilýän bölümleri hereket edýär. Raýatlara gerek bolan halatynda ginekolog, stomatolog, newropatolog, gastroenterolog, iç keseller lukmanlary saglygy goraýyş kömegini berýärler. 
Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: Şypahanada aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç-hereket synalarynyň, periferiki nerw ulgamlarynyň, deri we ginekologiki keseller bejerilýär. Esasan-da gyzylödegiň dowamly gaýnaglamasy, dowamly aşgazan keselleri (gastritler), öt haltanyň we öt ýollarynyň keselleri, olaryň diskineziýalary, gepatitler, kolitler, enterekolitler, babasiliň daşky we içki görnüşleri, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň başly ýarasy ýiti däl döwri, ýüregiň işjeňliginiň bozulmagy (ýürek newrozlary), öte geçmedik ateroskleroz keseli, birinji derejeli gipertoniýa (ýüregiň we beýni ganaýlanyşynyň bozulmalarynyň alamatlary ýok bolan ýagdaýynda), döreýşi dürli bolan (inçekeselden başgasy) dowamly guragyrylar, bogunlaryň keselleri (çişi bolmadyk wagtynda), madda alyş-çalşygynyň bozulmagy zerarly dörän oňurga we bogunagyrylary (artritler), oňurgalara we bogunlara duz ýygnanma keseli (osteoartroz), gaýtalap duran çakyza, kükrek we oňurgalaryň radikulidi, nerw ulgamynyň dowamly gaýnaglamasy, semizligiň ýeňil we orta derejesi, klimaks zerarly döreýän näsazlyklar, neýrodermit, dowamly iteşen, gyzylendigan demrew, psoreaz, parapsoreaz, ýatgy we onuň ösüntgileriniň dowamly keselleri, aýbaşynyň bozulmalary bejerilýär.
Öýken, böwrek keselleri, inçekeselleri, süýjüli diabet (insulina garaşly ýagdaýda), witiligo, şeýle hem ýokarda agzalan keselleriň ýitileşen döwürleri, öt-daş we täze döreme howply çiş keselleri bolan näsaglara şypahana bejergisi çäklendirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800-12-92-14-10; 800-131-26-4-56.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler