Top.Mail.Ru

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

0
76883
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. А.Говшудова, дом 58.
Telefon belgiňiz:
92-71-09.
Soňky täzelenme:

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa).
  2. Harby lukmançylyk (hünärler: bejeriş-öňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa).
  2. Saglyk baradaky ylymlar we öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi; lukmançylyk-durmuş goragy işi; dikeldiş we sport lukmançylygy).
  3. Farmasiýa (hünär: farmasiýa).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna– çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk, 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da:

  • ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň, Türkmenistanyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razylygy baradaky dil hatyny;
  • Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany;
  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine girýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologiýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanalaryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gözegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şertleri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-5-i, 6-sy we 7-si günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-10-y, 11-i we 12-si günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçbernamalary) (100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler.

Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomiki edarasynyň işi bilen tanyşdyrylar.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy goraýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk niwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09.

 

 

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2022-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler.

 

Aşgabat ş.

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51;
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Parahat-1 ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý, tel.: 45-08-99; 46-53-50;
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: 47-84-80; 47-84-88.

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: 26-03-11, 26-03-80;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-01, 4-70-02;
  • Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-4-11, 32-5-10;
  • Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 2-60-09, 2-21-36, 2-48-11;
  • Hazar şäher hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800240) 2-40-30, 2-43-00;
  • Gumdag şäher hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-43, 4-11-91;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08;
  • Serdar etrap hassahanasy: Serdar ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98;
  • Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49;
  • Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-04-17, 4-04-26, 4-06-59;
  • Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-01-39, 4-01-84;
  • Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Gurbansoltan eje adyndaky ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.:(800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90, 2-04-93, 9-01-59;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70;
  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90;
  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi: Mary ş., Oguzhan köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800 522) 5-03-74, 5-17-42;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi: Mary ş., Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-26-81, 5-28-58;
  • Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş., Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800 560) 6-55-23, 6-50-67;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow adyndaky  köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800 522) 6-01-75, (800566) 5-30-42;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman – Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800 568) 5-23-58, 5-11-07;
  • Mary etrap hassahanasy: Mary ş., Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-44-92;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800 558) 6-60-21, 6-60-92;
  • Murgap etrap hassahanasy: Murgap şäheri, Parahat köçesi, 33-nji jaý. tel.: (800 522) 6-05-64, (800 565) 4-19-36;
  • Türkmengala etrap hassahanasy: Türkmengala şäheri, Bitaraplyk köçesi, 28-nji jaýy. tel.: (800569) 3-18-27, 3-12-94; 
  • Garagum etrap hassahanasy: Garagum etrap, Ýagtyýol şäherçesi, Atabaýew köçesi, 3-nji jaý. tel.: (800557) 4-03-01, 4-03-03.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler