Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY

0
17646
Soňky täzelenme:

2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Himiýa tehnologiýasy (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn metal däl we silikat materiallaryň himiki tehnologiýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy).

2. Kompýuter tehnologiýasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; önümçiligi we tehnologik prosesleri awtomatlaşdyrmak; maglumat-ölçeg tehnikasy we tehnologiýasy; mikroelektronika we ýarym geçirijili enjamlar; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi).

3. Gurluşyk we binagärlik (hünärler: gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; amaly geodeziýa; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy; köprüler we ulag nagymlary).

4. Tehnologik maşynlar we enjamlar (hünärler: göteriji, äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary; gara metallaryň metallurgiýasy; metallary basyş bilen işläp taýýarlamak).

5. Energetika (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy).

Tölegli esasda okadyljak hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

1. Gurluşyk we binagärlik (hünärler: senagat we raýat jaý gurluşygy; şäher gurluşygy we hojalygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçiligi we ulanylan suwlary akdyryş; binagärlik; şäherguluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy;

2. Dizaýn (hünär: dizaýn).

3. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünärler: gurluşyk pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; durmuş, ýaşaýyş-jemagat we şäher hojalygy kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş).

4. Menejment (hünär: logistika (gurluşyk pudagynda)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

 — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

 — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

 — umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

 — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

 — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

 — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

 — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

 — giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

 — şahsy pasportyny;

 — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 30-31-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 4-i we 6-sy günleri

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 9-y günleri

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri

Mary welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 14-i we 16-sy günleri

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-13-i, 15-i we 17-si günleri

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

himiýa tehnologiýasy ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

kompýuter tehnologiýasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşyk ugurly hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

binagärlik ugurly hünärler — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

tehnologik maşynlar we enjamlar ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

energetika ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

logistika (gurluşyk pudagynda) hünäri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

dizaýn hünäri — surat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

 — saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

 — çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., B.Annanow köçesi, 136, «G» okuw binasy; tel.: 28-18-86, 28-18-04.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler