Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi

0
9219
Soňky täzelenme:

2017/2018-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Gämileriň energetik desgalarynyň ulanylyşy.

2. Gämileriň elektrik enjamlarynyň we awtomatikasynyň gurnalyşy.

3. Suw ulgamynda gatnawlary guramak we dolandyrmak.

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (pudaklar boýunça).

5. Içerki suw ýollarynda gämi sürmek we kenarýaka ýüzüşi.

6. Elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça).

7. Gidromehanizasiýa serişdeleriniň tehniki hyzmat edilişi.

8. Buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş.

9. Kebşirleme önümçiliginiň tehnologiýasy.

10. Ýük ýüklemek we düşürmek işleriniň mehanizasiýasy.

11. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärine görä degişlilikde 2 ýa-da 2,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2017-nji ýylyň 10-njy iýulyndan 17-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2017-nji ýylyň awgust aýynyň 19-20-si, 22-si we 23-i günlerinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi hünäri — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;

ykdysadyýet we dolandyryş (pudaklar boýunça) we buhgalter hasaby we maliýeleşdiriş hünärleri — matematika, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy;

galan ähli hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat şäheri, Gurbansoltan eje köçesi, 21, tel.:7-44-52, 3-63-63.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler