Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan «Adalat» elektron maglumat toplumy arkaly hukuk maglumatlaryny bermek boýunça täzelenen tölegiň möçberleri tassyklanyldy. Degişli buýruga 2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Adalat ministri M. Taganow gol çekdi.
Täze resminama laýyklykda fiziki şahslar programmany bir gezeklik almak üçin 200 manat, ýuridiki şahslar400 manat tölärler. Ygtyýarnamanyň esasynda notarial işini amala aşyrýan hususy notariuslar üçin ýyllyk töleg 240 manada barabar bolar.
Şeýle hem «Adalat» ulgamynyň onlaýn platformasyna internet arkaly girmegiň aýratyn tertibi düzgünleşdirildi — bu hyzmat her bir ulanyjy üçin aýlyk 20 manat möçberinde kesgitlenýär.
Ministrlikde belleýişlerine görä, görkezilen nyrhnamalara programmadan peýdalanmak boýunça maslahat goldawy hem girýär. Şol bir wagtyň özünde, elektron göterijileriň (diskler, USB fleşkalar) bahasy aýratynlykda satyn alyş nyrhyna görä tölenýär.
Täze buýruk bilen 2017-nji ýylyň 7-nji noýabrynda kabul edilen şuňa meňzeş resminamanyň güýji ýatyryldy. Täze resminama 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda döwlet belligine alyndy.
