Turkmenportal logo
04.09.25
2569825698
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan we Ermenistan 90 günlük wiza düzgünini ýatyrdylar
Gazagystan we Ermenistan 90 günlük wiza düzgünini ýatyrdylarSurat: Armenia Today

Gazagystan we Ermenistan wiza düzgünini ýatyrýarlar. Indi iki ýurduň raýatlary birek-biregiňkide diňe şahsyýetini tassyklaýan resminama ýa-da ID-karta boýunça 90 gün bolup bilerler. Täze düzgünleri Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy – Mažilisiň deputatlary makulladylar diýip, «MIR 24» teleýaýlymynyň habarçysy Erik Muldabaýew habar berdi.


Şunlukda, iki ýurduň arasynda baryş-gelişler tiz we arzan, wizasyz hem-de daşary ýurt pasportlaryny hökmany resmileşdirilmesiz bolar. Ylalaşyga taraplar ýazda Ýerewanda gol çekdiler.


Bu ýyl Gazagystana Ermenistandan 11 müňden gowrak adam bardy. Köpler işlemäge galýarlar. Täze düzgünler olara has ýönekeý şertleri döredip, artykmaç çykdajylary aradan aýyrýar.