Günorta Koreýanyň paýtagtynda gözegçiligi polisiýanyň garawul serkerdesi alyp barýar. Düzgün-tertibi goraýjy hakyky boýunda sagat 19:00-dan 22:00-a çenli her iki minutdan akril panelde peýda bolýar.
Ýerli polisiýada bu täzeligiň jenaýatlary, şol sanda serhoş halda edilen düzgün bozmalary 22 göterim azaltmaga kömek edendigini aýdýarlar.
Golografik poliseýden başga, gijesine adam kän bolýan etrapdaky gözegçiligi emeli aňly syn ediş kameralary alyp barýar. Etrapda gijeki barlar köp.
Golografik poliseý 2024-nji ýylyň oktýabrynda oturdyldy. Polisiýa bölüminiň başlygy Çžunbu An Don Hen tehnologiýanyň raýatlaryň howpsuz duýmagyna we özlerini oňat alyp barmagyna ýardam edýändigini gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, Seulda emeli aňy ulanmak bilen bagly şeýle başlangyçlar giňeldiler.
Emma golografik poliseý sosial torlarda dürli seslenmeleri döretdi. Käbirleri ony «häzirki zaman garantgasy» diýip atlandyrýar. Olar hut şu garantga-poliseýden gorkup, adamlaryň seýilgähe barmaklaryny azaldandyklary sebäpli şäherde jenaýat azaldy diýip, degişýärler.
Bu barada «MIR 24» ýazýar.
