Hytaýyň paýtagtynda Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşe we urşuň tamamlanmagyna bagyşlanjak dabaralara daşary ýurt döwlet Baştutanlarynyň 26-sy gatnaşar. Bu barada HHR-iň merkezi telewideniýesi habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Häzir Pekiniň Týananmen meýdançasynda 3-nji sentýabrda geçjek dabaranyň ahyrky taýýarlyk işleri dowam edýär. Harby ýöriş 70 minut dowam eder.
Şeýle baýramçylyk dabaralary Týananmen meýdançasynda 1949-njy ýyldan, Halk Respublikasy döredilenden bäri geçirilýär. 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň dabarasyna 15 müň adam gatnaşdy.
